Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyna taýýarlyk işleriň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 20 – 22-nji noýabrda okuw maslahatyny geçirdi. Onuň maksady BSG-ä goşulmak işleriniň çäklerinde bazar elýeterliliginiň şertlerini öwrenmekden ybarat boldy. Bu barada çäräni guraýjylar habar berýär.

Okuw maslahaty ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, şol sanda çäräniň taýýarlyk derejesine uly goşant goşan ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) ýardamy bilen guraldy. Okuw maslahatynyň birinji gününde oňa gatnaşan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak işiniň çäklerinde iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Okuw maslahatynda çykyş edenleriň esasylarynyň biri bolan Kolumbiýadan Alehandro Gamboa-Alder BSG-niň baş edarasyndaky iş tejribesi bilen paýlaşdy. Ol guramanyň düzümi we alyp barýan işi barada giňişleýin durup geçdi hem-de salgyt syýasatynyň esasy ugurlary we söwda  ýeňillikleri boýunça gepleşikleri alyp barmagyň, şol sanda BSG-niň salgyt we söwda boýunça Baş ylalaşygynyň  düzgünlerini öwrenmegiň ähmiýeti boýunça gürrüň berdi.

Sanly ulgam arkaly işjeň pikir alyşmalara beslenen okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar BSG-ä agza döwletler bilen gepleşikleri geçirmegiň ugurlary hem-de salgyt we salgyt bilen bagly bolmadyk meseleleri çözmek boýunça gymmatly maslahatlary aldylar. Şeýle çäreler BSG-niň ulgamyna çuň düşünmäge we Türkmenistany bu guramanyň doly hukukly agzalygyna taýýarlamaga şert döredýär.

02 Dekabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly