Türkiýäniň söwda ministri Aşgabada sapar bilen geler
Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolatyň dekabr aýynyň başynda Türkmenistana sapary bolar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
O.Bolatyň 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek türk kompaniýalarynyň 11-nji ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna we sergä gatnaşyjylaryň diwarlyklaryna aýlanyp görmegine garaşylýar.
Türkmenistana saparynyň çäklerinde, onuň şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hökümetiň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Habarda bellenilişine görä, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinde dürli ulgamlardaky önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrýan 70-den gowrak türk kompaniýalary we birleşmeleri gatnaşarlar.
Sergi Türkmenistanyň bazarynda türk önümlerini ilerletmäge we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmen kompaniýalary türkiýeli önüm öndürijileriň harytlary bilen tanyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrylýar.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) bilelikde guramagynda Türkmenistan-Türkiýe işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
03 Dekabr, 2024 ý.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly