Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministrini we Merkezi Bankynyň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabatda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Eýran wekiliýeti Prezident Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirip, ösüş ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, geçirilýän gepleşikleriň ýokary netijelere eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişine görä, bu gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine hyzmat edip, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň taryhyň çuň köklerinden alyp gaýdýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi. Energetika, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolmagynda galýar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany, hususan-da, nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge Türkmenistanyň taýýardygyny belledi hem-de hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň bilelikde gözlenilmeginiň we geljegi uly talamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara peýdalary getirjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti energetika taslamalaryň durmuşa geçirilişinde ekologiýa taýdan howpsuz çemeleşmäniň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen teklipleri goldamaga açykdygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege üstünlikleri arzuw edip, dostluga we özara bähbitlilige esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.
10 Dekabr, 2024 ý.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly