Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji gäminiň «Keel Laying» dabarasy geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek, ulag toplumynyň gerimini we mümkinçiligini giňeltmek, hususanda deňiz we derýa ulaglarynyň kuwwatlygyny ýokarlandyrmak şeýle hem ýurdumyzda täze agyr senagaty bolan gämi gurluşyk pudagyny ösdürmekde edýän tagallalaryna bilen, 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 680 belgili «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» we şertnama baglanyşmaga ygtyýar bermek hakynda kararyna laýyklykda 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada şertnama gol çekildi. Agzalýan resminama Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň awgust aýynda ilkinji gämileriň gurluşygyna başlanyp, 2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gämi gurluşygynda möhüm tapgyra ýetildi – gurulýan gämileriň ilkinji bloklary gurluşyk meýdançasyna çykaryldy. Bu tapgyr zawodyň hünärmenleriniň ýokary hünärleriniň we ulanylýan tehnologiýalaryň netijeliliginiň subutnamasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilkinji gäminiň «Keel Laying» dabarasy geçirildi. Dabara «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyň ýolbaşçylary hem-de zawodyň hyzmatdaş kompaniýasy bolan, Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti Choi Young Uook hem gatnaşdy.
«Keel Laying» dabarasy, täze gäminiň gurluşygynyň başlangyjy bolan dabaraly waka bolup, bu waka geçmişden şu güne çenli gämileriň gurluşygynda iň möhüm wakalaryň biridir. Bu dabara täze gäminiň döremegini alamatlandyrýan gämi gurluşygynyň örän ähmiýetli tapgyry bolup, ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynda ýetilen sepgitleriniň hem aýdyň nyşany bolup durýar.
06 Ýanwar, 2025 ý.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly