Türkmenistanyň Prezidenti Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi.
Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň iki ýurduň maliýe we ykdysady pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň dünýä ýurtlary we abraýly halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigi barada aýdyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Saud Ösüş gaznasy bilen gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
“Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda bu gazna bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen döwrüň içinde gazna ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşdy. Saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk hem-de maliýe ulgamlarynda amala aşyrylan taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe olara gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, ähli sebit ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine hem hyzmat edýär” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistan bilen Saud Ösüş gaznasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän goldawy üçin myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Myhman netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde Saud Ösüş gaznasynyň saglygy goraýyş we ulag ulgamlarynda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmek işine gatnaşýandygyna örän şatdygyny hem-de okgunly ösýän, geljegi uly türkmen bazarynyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň uly gyzyklanma döredýändigini belledi.
08 Ýanwar, 2025 ý.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly