TOPH gaz geçirijisi: Owganystan we Türkmenistan işleri çaltlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kabul şäherinde Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri bilen TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň soňky gazananlary, şeýle hem taslamanyň galan işleri tizleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Owganystanyň raýatlary üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine, şeýle hem taslama gatnaşýan owgan inženerleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Dekabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň çägindäki Serhetabat – Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy. Bu bölegiň gurluşygy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy we TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolup durýar. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň “Arkadagyň ak ýoly” diýip atlandyrylan Serhetabat — Hyrat bölegi, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynda meýilleşdirildi. Bu, taslamanyň Türkmenistan üçin ähmiýetini we mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge bolan islegini tassyklaýar.

10 Ýanwar, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly