Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Monako Knýazlygyna sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapara ugrady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Monako Knýazlygyna ugramazdan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, degişli Hökümet agzalary bilen söhbetdeş boldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Monako Knýazlygyna sapar bilen barýandygyny aýdyp, bu ýurduň beýleki ugurlar bilen bir hatarda özüni dünýäde sport üstünlikleri bilen hem tanadandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl bolýandygyny belläp, bu saparyň iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny aýtdy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine bu wakalary giňden beýan etmek bilen bagly tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary dowam edýär.

20 Ýanwar, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly