Gyrgyzystan-Ýewropa ulag geçelgesi Türkmenbaşy portunyň üstünden geçer

Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda doly güýjünde işleýän Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Ýewropa Bileleşigi ulag geçelgesiniň möhüm bölegini emele getirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.
Bu ulag geçelgesi Gyrgyzystandan ýükleri Türkmenistana, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, ondan aňryk Ýewropa we Russiýanyň Astrahan ülkesine ibermek maksady bilen Hazar deňziniň üstünden Azerbaýjanyň Alýat portuna geçirmäge mümkinçilik berýär.
Gyrgyzystanly ýük daşaýjy kompaniýalar öz ýüklerini Ýewropa daşamak üçin bu ulag ugrundan işjeň peýdalanýarlar diýip, Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýalar ministriniň orunbasary Beknazar Bazaraliýew belledi. Bu ulag ugry Gyrgyzystandan başlanyp, Özbegistanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýär, deňiz ýoly bilen Azerbaýjana ýetenden soň bolsa Ýewropa uzaýar.
Bişkek şäheri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çenli aralyk 2500 kilometre ýetýär. B.Bazaraliýew bu ýoluň, hususan-da, Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň işe girizilmeginiň meýilnamasynyň çäklerinde söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Bu ugur Aziýany Ýewropa bilen özara baglanyşdyrýan has giň gerimli Aziýa-Ýuwaş umman sebiti-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa ulag geçelgesiniň hem möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenbaşy Porty Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşmek bilen Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, ýol we demir ýol ulaglary bilen birleşdirýän “Deňiz derwezesi” bolup, dürli görnüşli halkara ýükleri daşamakda sebitiň iň uly tranzit merkezi bolup hyzmat edýär.
27 Ýanwar, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly