“Türkmenpoçta” “International Postal System” halkara sanly ulgamyna birikdiriler

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdirmek baradaky teklibi makullap, döwlet Baştutany agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
27 Ýanwar, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly