Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda «Galkynyş» töleg ulgamy ornaşdyrylar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da, «Galkynyş» töleg ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň ýurtda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, munuň özi edaralar we şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge we olaryň gerimini giňeltmäge, şeýle hem bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bank hyzmatlarynyň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän «Galkynyş» töleg ulgamy bilen bagly teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
03 Fewral, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly