«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti barada
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň umumy meýdany 166. 000 inedördül metre barabar bolup, zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10.000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 sany gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Mundan başga-da bu önümçilik desgasynda ýylda 2.000 tonna polady işlemek arkaly ýylda 20-30 sany gämide abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçiligi bardyr. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergi işleri doly tamamlanan gämileri suwa düşürmek we abatlamak maksady bilen suwdan galdyrmak üçin 10.000 tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşürme ulgamy gurnalandyr. Gämini sinhroliftde galdyrmagyň maksimal ölçegleri – uzynlygy – 155 m, ini-22 m, suwa çümüjiligi – 5,5 m. Gämi duralgalaryň ölçegleri günbatar tarapyndan uzynlygy 280 m , günorta tarapyndan 291 m. Portuň we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň akwatoriýasynda gämi duralgasynyň ortaça çuňlugy 9 m bolup durýar. Port we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tebigy aýlagda ýerleşenligi sebäpli, uly tolkunlar emele gelmeýär. Desgada gurnalan 84, 64, 42 tonna ýük göterijilikli portal kranlary relslerde hereket edýär we dürli maksatly önümçilik işleri üçin ulanylýar.
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň esasy maksady gämi gurmakdan we gämi abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Şol bir wagtyň dowamynda gämi gurluşyk we abatlaýyş işlerini aýratynlykda hem alyp baryp bilýar. Gämi gurluşygyň proseslerine gämi gurluşygynyň ähli işleri girip, materiallary kabul etmekden başlanyp, öňünden işläp taýýarlama, gurnama we gämini suwa düşürme işlerine çenli içine alýar.
Biziň paýdarlarymyz
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti
“Türkmenistanyň ulag - logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly