Aşgabat şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi
Aşgabat şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi Düýn «Arçabil» myhmanhanasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi. «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatynyň we serginiň çäginde guralan maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem halkara we sebit guramalary, hususan-da, BMG-niň …
