root

GDA ýurtlary “Eurasiacontrol” bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkeziniň taslamasyny maslahatlaşdylar

GDA ýurtlary “Eurasiacontrol” bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkeziniň taslamasyny maslahatlaşdylar 26.06.2026 Türkmenistan hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletler sebitde howa giňişligini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we uçuşlaryň utgaşdyrylyşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen “Eurasiacontrol” bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkezini döretmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Döwletara awiasiýa komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Döwletara awiasiýa komitetiniň meýdançasynda geçirilen Aeronawigasiýa boýunça …

GDA ýurtlary “Eurasiacontrol” bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkeziniň taslamasyny maslahatlaşdylar Read More »

Türkmen banky Türki maýa goýum gaznasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmen banky Türki maýa goýum gaznasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy 25.06.2026 Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Türki maýa goýum gaznasynyň 23-nji iýunda Wena şäherinde geçirilen duşuşygynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Bu barada gaznanyň resmi X sosial sahypasynda habar berildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow 23-nji iýunda …

Türkmen banky Türki maýa goýum gaznasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy Read More »

Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar 24.06.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda harytlar barada deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri hem-de özara söwdanyň gümrük statistikasy ulgamynda …

Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar Read More »

Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi

Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi 23.06.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde duşenbe güni iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Bakuda “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi …

Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi Read More »

Türkmenistan demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär

Türkmenistan demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär 22.06.2026 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny …

Türkmenistan demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär Read More »

«Türkmennebit» döwlet konsernine «PETRONAS» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

«Türkmennebit» döwlet konsernine «PETRONAS» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi 18.06.2026 Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlaryny «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine …

«Türkmennebit» döwlet konsernine «PETRONAS» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi Read More »

Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler 17.06.2026 Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda …

Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler Read More »

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Azerbaýjana barar

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Azerbaýjana barar 16.06.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjana barar. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Bakuda geçirilen “Ählumumy howpsuzlyga sebitiň goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy berkitmek” atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Azertac” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi. Ilçiniň …

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Azerbaýjana barar Read More »

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy 15.06.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Resminama laýyklykda, …

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy Read More »

Türkmenistana üç bölekli täze ýük teplowozlary gelip gowuşdy

Türkmenistana üç bölekli täze ýük teplowozlary gelip gowuşdy 12.06.2026 Türkmenistana Hytaýyň “CRRC Ziyang Co., Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilen üç bölekli ýük teplowozlary gelip gowuşdy. Bu barada çarşenbe güni “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Aşgabadyň demir ýol menzilinde hünärmenler we ýaşulylar täze demir ýol tehnikasyny milli däp-dessurlara laýyklykda garşyladylar. Hytaýyň bu kysymly demir ýol tehnikasy Türkmenistana …

Türkmenistana üç bölekli täze ýük teplowozlary gelip gowuşdy Read More »