Без рубрики

TIACA agzalygy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ulgamyndaky ornuny berkidýär

TIACA agzalygy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ulgamyndaky ornuny berkidýär 24.11.2025 Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň halkara ýük daşalyşy ulgamyndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim barada habar berildi: “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Ministrler Kabinetiniň …

TIACA agzalygy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ulgamyndaky ornuny berkidýär Read More »

Deňiz we derýa ulgamynda “Bütindünýä Durnukly Ulag Güni” mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi

Deňiz we derýa ulgamynda “Bütindünýä Durnukly Ulag Güni” mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi 22.11.2025 Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan dünýäde durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Karary bilen her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän Bütindünýä Durnukly Ulag Güni mynasybetli, 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde …

Deňiz we derýa ulgamynda “Bütindünýä Durnukly Ulag Güni” mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi Read More »

Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi

Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi 21.11.2025 Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu ýerde geçirilen mejlise Türkmenistana sapar bilen gelen Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. …

Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi Read More »

Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar

Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar 20.11.2025 Hazar deňzi bilen serhetleşýän ýurtlaryň hazarýaka sebitleriniň häkimleriniň ilkinji forumy 18-nji noýabrda Eýranyň Reşt şäherinde öz işine başlady. Çäre “Hazar — dostlugyň we sebitleýin ösüşiň köprüsi” şygary astynda geçýär. Bu barada IRNA agentligi habar berýär. Eýran başlangyjy bilen geçirilýän bu foruma Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, …

Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar Read More »

Türkmenistan Özbegistana sebitdäki tranzit geçelgelerini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegi teklip etdi

Türkmenistan Özbegistana sebitdäki tranzit geçelgelerini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegi teklip etdi 19.11.2025 Daşkentde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky duşuşykda, Türkmenistanyň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry diýlip atlandyryldy. Syýasy gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň esasy ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini …

Türkmenistan Özbegistana sebitdäki tranzit geçelgelerini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegi teklip etdi Read More »

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy 18.11.2025 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragy – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Daražali Dustlik”) ordeni bilen sylaglanyldy. Sylag dabarasy duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň …

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy Read More »

Türkmenistan bilen Özbegistan paýtagtlaryň arasynda göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Özbegistan paýtagtlaryň arasynda göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar 18.11.2025 Türkmenistan we Özbegistan Aşgabat bilen Daşkent şäherleriniň arasynda göni halkara howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmaklygy ylalaşdylar. Bu çözgüt Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşenbe güni Daşkentde geçiren giňişleýin düzümdäki gepleşikleriniň dowamynda makullandy. Taraplar Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny bilelikde ösdürmek meselelerini …

Türkmenistan bilen Özbegistan paýtagtlaryň arasynda göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar Read More »

Türkmenistan we «China CAMC» kompaniýasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Türkmenistan we «China CAMC» kompaniýasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler 17.11.2025 Türkmenistanyň Demir ýol ulag ministrligi bilen Hytaýyň China CAMC Engineering Co., Ltd. kompaniýasy demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama «Türkmentel – 2025» Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – …

Türkmenistan we «China CAMC» kompaniýasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler Read More »

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentda Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentda Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler 17.11.2025 Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary 16-njy noýabrda Daşkentda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär. Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzijoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti …

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentda Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler Read More »

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça 10 aýda 2047 konteýner daşaldy

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça 10 aýda 2047 konteýner daşaldy 14.11.2025 2025-nji ýylyň 10 aýynda Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň (HUG) gündogar ugry boýunça 20 futlyk göwrümli 2047 konteýner daşaldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 esse ýokarydyr. Bu barada «RŽD Logistika» kompaniýasynyň satuw bölüminiň müdiri Artýom …

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça 10 aýda 2047 konteýner daşaldy Read More »