Без рубрики

“Türkmengaz” we “Afghan Gas” gaz hyzmatdaşlygy boýunça Ähtnama gol çekdiler

“Türkmengaz” we “Afghan Gas” gaz hyzmatdaşlygy boýunça Ähtnama gol çekdiler 12.08.2026 Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Owganystanyň “Afghan Gas” döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, bu Ähtnama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypa bolup, bu resminama esasynda taraplar Hyrat …

“Türkmengaz” we “Afghan Gas” gaz hyzmatdaşlygy boýunça Ähtnama gol çekdiler Read More »

“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy

“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy 11.08.2026 Hazar deňziniň türkmen bölegindäki “Magtymguly” gaz käniniň A8 belgili ulanyş guýusyndan bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy we 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. A8 belgili ulanyş …

“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy Read More »

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy 10.08.2026 Daşary ýurt raýatlaryny bolýan ýerleri boýunça hasaba almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy “Onlaýn hasaba alyş ulgamyny” işläp taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy penşenbe güni habar berdi. Ulgam “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça …

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy Read More »

Türkmenistan Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy 05.08.2026 Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, maslahat beriş duşuşygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar boýunça federal ministri Şaza Fatima Hawaja, Aziýa …

Türkmenistan Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy Read More »

Astanada “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitiniň gün tertibi maslahatlaşyldy

Astanada “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitiniň gün tertibi maslahatlaşyldy 03.08.2026 Gazagystanyň Astana şäherinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýokary derejeli wekilleriň üçünji duşuşygy geçirilip, sammitiň maksatnamasynyň we gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministrligi şenbe güni habar berdi. Duşuşyga Koreýa Respublikasynyň, Türkmenistanyň, …

Astanada “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitiniň gün tertibi maslahatlaşyldy Read More »

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň liderleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň liderleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana bardy 31.07.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriljek resmi däl duşuşyga gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gyrgyzystan Respublikasyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Yssyk-Köl” halkara howa menzilinde Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň …

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň liderleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana bardy Read More »

Aşgabatda 1–2-nji oktýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Aşgabatda 1–2-nji oktýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler 30.07.2026 Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler. Forumda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada “Turkmen Congress” habar berdi. Forum Türkmenistanyň …

Aşgabatda 1–2-nji oktýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler Read More »

Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy 29.07.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Bassonyny kabul etdi. Duşuşykda energetika, ulag-logistika, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak we suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň …

Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy Read More »

Türkmen-eýran hökümetara topary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garady

Türkmen-eýran hökümetara topary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garady 28.07.2026 Türkmenistanyň DIM-inde duşenbe güni türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirilip, onda söwda-ykdysady hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.            …

Türkmen-eýran hökümetara topary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garady Read More »

Türkmenistan bilen Gruziýa demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistan bilen Gruziýa demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürýär 20.07.2026 Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň we “Gruziýanyň demir ýoly” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Tbiliside geçirilen duşuşykda demir ýol ulaglary we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada Demir ýol ulaglary ministrligi penşenbe güni habar …

Türkmenistan bilen Gruziýa demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürýär Read More »