Без рубрики

Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy

Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy 19.02.2026 Kanat ýolunyň gurluşygy üçin niýetlenen, agramy 80 tonna bolan ýöriteleşdirilen kabel ýüki Fransiýadan Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilip Özbegistana bardy. Kompaniýanyň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça taslama ýolbaşçysy Aleksandra Ognewa öz sosial sahypasynda habar bermegine görä, ýük Set (Fransiýa) portundan ugradylyp, Orta geçelge arkaly …

Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy Read More »

Türkmenistanyň Prezidentine Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite sylagy gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidentine Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite sylagy gowşuryldy 18.02.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Hans Klýuge Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny …

Türkmenistanyň Prezidentine Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite sylagy gowşuryldy Read More »

Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylar

Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylar 17.02.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga beriljekdigini mälim etdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň döwlet Baştutany şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda …

Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylar Read More »

Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi 16.02.2026 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Awtomobil ýollarynyň gurluşgyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada Permana gol çekýändigini aýtdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi. Bu Perman Türkmenistanyň awtomabil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol ulag ulgamynyň işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen …

Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi Read More »

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy 13.02.2026 AZCON Holding kompaniýalarynyň biri bolan “Azerbaýjan Demir Ýollary” ÝPGJ-niň (ADY) başlygy Röwşen Rustamow Türkmenistana saparynyň çarçuwasynda Türkmebaşy Halkara Deňiz Portuna bardy. Portuň direktory Parahat Jumaýew ADY wekiliýetine Türkmebaşy Portunyň bar bolan infrastrukturasy, tehniki mümkinçilikleri we üstaşyr mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem, sebitleýin ýük daşamakda …

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy Read More »

Türk kompaniýalary Türkmenistanda $56 milliardlyk 1098 taslamany durmuşa geçirdi

Türk kompaniýalary Türkmenistanda $56 milliardlyk 1098 taslamany durmuşa geçirdi 12.02.2026 Türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 56 milliard ABŞ dollaryna deň bolan 1 müň 98 taslamany durmuşa geçirdi. Bu barada Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça öz sosial ulgamynda habar berdi. Duşuşyk sişenbe güni …

Türk kompaniýalary Türkmenistanda $56 milliardlyk 1098 taslamany durmuşa geçirdi Read More »

Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa Hazar arkaly ýük daşamalaryny ösdürmegi ylalaşdylar

Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa Hazar arkaly ýük daşamalaryny ösdürmegi ylalaşdylar 11.02.2026 Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan we Gruziýa ýük daşamalaryny ösdürmek, amallary sanlylaşdyrmak hem-de Orta geçelgäniň ýagdaýyny seljermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnama gol çekdiler. Bu barada “Azerbaýjan Demir Ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berýär. Bu resminama AZCON Holdinginiň düzümine girýän “Azerbaýjanyň demir ýollary” ýapyk görnüşli …

Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa Hazar arkaly ýük daşamalaryny ösdürmegi ylalaşdylar Read More »

Mart: Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy geçiriler

Mart: Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy geçiriler 10.02.2026 Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada «TMT Consulting Group» kompaniýasy habar berdi. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Gatnaşyjylaryň …

Mart: Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy geçiriler Read More »

Türkmenistanda ulaglar arkaly ýük daşamagyň ösüşi 101,4 göterime deň boldy

Türkmenistanda ulaglar arkaly ýük daşamagyň ösüşi 101,4 göterime deň boldy 09.02.2026 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük …

Türkmenistanda ulaglar arkaly ýük daşamagyň ösüşi 101,4 göterime deň boldy Read More »

Türkmenistan telekommunikasiýa we hemra boýunça “Starlink” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

Türkmenistan telekommunikasiýa we hemra boýunça “Starlink” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi 06.02.2026 Türkmenistan we ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasy sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa ulgamlary we döwrebap hemra aragatnaşyk çözgütlerini ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu mesele 2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Bişkek şäherinde geçirilen ikinji “B5+1” işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň “SpaceX” …

Türkmenistan telekommunikasiýa we hemra boýunça “Starlink” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi Read More »