Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy
05.09.2025
24 — 30-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşdyryş okuw saparynda boldular. Çäre «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly Sebitleýin taslamanyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guraldy.
Iş saparynyň maksady logistika we üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmak boýunça Germaniýanyň tejribesini öwrenmekden ybarat boldy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde öňdebaryjy kompaniýalar bilen tanyşlyk guraldy. Hususan-da, «Rhenus Group» kompaniýasynda «AutoStore» ulgamlarynyň, awtonom mobil robotlaryň, awtomatlaşdyrylan ulaglaryň ornaşdyrylyşy we «geljegiň ammary» konsepsiýasy bilen tanyşyldy.
«Henkel HCB Logistics» kompaniýasy bolsa «AGV» tehnologiýalaryny we 100 göterim täzelenýän energiýany ulanýan paýlaýyş ulgamy bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar «DHL Innovation Center» (Bonn ş.), «Pfenning Logistics», «Emons company», «BLG Logistics» we «Am Zehnhoff-Söns» ýaly kompaniýalarda häzirki zaman ammar dolandyryş tejribeleri, multimodal logistika we durnukly ösüş çözgütleri bilen tanyşdylar. Saparyň dowamynda sanlylaşdyrma, awtomatlaşdyrma we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylyşyna aýratyn üns berildi.
Türkmen wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy diňe bir Germaniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga däl, eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berdi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
