Azerbaýjan Türkmenistana nebit guýulýan tankeri sowgat berer

19.09.2025

Baku gämi gurluşyk zawodunda göterijiligi 8 müň tonna bolan nebit guýulýan tankeriň gurluşygyna başlandy. Ol Türkmenistana sowgat hökmünde berler. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «TIF 2025» maýa goýum forumynda eden çykyşynda habar berdi.

Ministriň orunbasary iki ýurduň arasynda gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belledi. «Azerbaýjanyň Hazar deňzinde iň uly söwda floty bar. Baku gämi gurluşyk zawody ähli görnüşli gämileri öndürip biler» diýip, Alekperow nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, bu tankeriň gurluşygy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gämi gurluşygy ugry boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyrylýar.

Ýeri gelende bellesek, «TIF 2025» maýa goýum forumy Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly