«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çäginde ornaşdyrylan laboratoriýada dargaýan usully synaglar geçirilip başlandy
15.07.2025
Türkmenistanda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen, onuň ulag pudagy hem ösýär we halkara derejelerine ýetýär. Ýagny, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämi gurluşyk kompaniýasy bilen bilelikde dünýä ülňelerine laýyk gelýän ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileriniň gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň «Russiýanyň Deňiz Gämi Gatnaw Registri» klassifikasion jemgyýetiniň 2025-nji ýylyň 12-nji maýynda berlen 7.1.4.3 belgili şahadatnamasy esasynda, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çäginde ornaşdyrylan laboratoriýasy doly derejede güýje girizildi we şu aşakdaky dargaýan usully synaglary geçirmäge mümkinçilikleri bar:
- Nusgalary statiki dartyş usul bilen barlamak;
- Nusgalary Statiki dartyş usul bilen uzyn silindr görnüşli barlamak;
- Nusgalary Statiki egreltmek usul bilen barlamak;
- Nusgalary Statiki dargama usul bilen barlamak;
- Nusgalary urgy esasynda egrelmä garşy jydamlylygyny barlamak;
- Nusgalaryň gatylygyny we jydamlylygyny ölçemek;
Nusgalary kebşirlemeden soňky metallar bilen sintetiki birikmelerini barlamak.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
