BMG-niň Türkmenistandaky topary dünýäde ilkinji bolup G-PESTLE usulyny synagdan geçirýär
22.09.2026
BMG-niň Türkmenistandaky topary “BMG-Zenanlar” düzümi tarapyndan işlenip taýýarlanan G-PESTLE strategik öňdengörüjilik usulyny dünýäde ilkinji bolup synag görnüşinde ornaşdyrmaga başlady. Täze usul Aşgabatda geçirilen ýörite mümkinçilikleri ýokarlandyrmak okuwynyň dowamynda tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
G-PESTLE çemeleşmesi çözgüt kabul edýän hünärmenlere özara baglanyşykly syýasy, ykdysady, durmuş, tehnologik, hukuk we ekologik ýagdaýlary toplumlaýyn seljermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu usul uzak möhletleýin meýilleşdiriş üçin töwekgelçilikleri we mümkinçilikleri öz wagtynda ýüze çykarmaga ýardam berýär.
Türkmenistanda strategik öňdengörüjilik we ulgamlaýyn pikirleniş usullaryny energetika özgertmeleri, suw serişdeleri we azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda ulanmak boýunça toplanan amaly tejribäniň geljekde BMG-niň tutuş ulgamynda peýdalanyljak köpugurly gurallary işläp taýýarlamaga esas bolmagyna garaşylýar.
G-PESTLE başlangyjynyň ähmiýeti okuw çäresi bilen çäklenmeýär. BMG-niň Türkmenistan boýunça Umumy ýurt seljermesiniň indiki gezek täzelenmeginiň çäklerinde bu usul boýunça ýörite amaly barlag sanawyny işläp taýýarlamak we synagdan geçirmek meýilleşdirilýär.
Taslama Türkmenistanyň öňüni alyş çärelerine, uzak möhletleýin meýilleşdirişe hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ugruny sazlaşykly dowam etdirmäge, ýurdumyzda öňdebaryjy başlangyçlary synagdan geçirmek we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin döredilen mümkinçilikleri görkezýär.
Çeşme: https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
