Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

04.08.2025

Türkmenbaşy halkara deňiz portunda «Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

28-29-njy iýul aralygynda geçirilen halkara okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Çernogoriýanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.

Bu okuw maslahatynyň çäklerinde konteýnerlerde ýük daşamagyň hukuk binýadyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. Döwlet gümrük gullugynyň gümrük edaralarynda bu ugurda döredilen şertler, halkara söwdany ösdürmekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly