Ýanwar–iýul: Gruziýanyň Türkmenistana eksporty $25 milliondan geçdi
16.09.2025
2025-nji ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda Gruziýanyň Türkmenistana haryt eksporty 25,7 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli dowry bilen deňeşdireniňde dört esse ýokarydyr. 2024-nji ýylyň degişli döwründe Gruziýanyň Türkmenistana eksporty 6,7 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Eksportyň ösüşine esasan ulag serişdeleri, awiasiýa tehnikasy, deňiz gämileriniň ätiýaçlyk şaýlary täsir etdi. Bu ugur boýunça eksportyň möçberi 10,1 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şeýle-de, awtoulaglar, mehaniki enjamlaryň hem-de elektrik tehnikalarynyň eksporty bäş esse ýokarlanyp, 725,2 müň ABŞ dollaryna ýetdi. Janly mallar we maldarçylyk önümleri boýunça eksporty 9,4 million ABŞ dollaryna deň bolup, bu ugurda hem ösüş ep-esli artdy.
Himiýa senagatynyň önümleri 2,692 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Dokma önümleri hem ýokary ösüş görkezip, onuň möçberi 43,7 müň ABŞ dollaryna ýetdi.
Umuman soňky görkezijilere görä, 2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary durnukly ösüşi görkezýär, esasanam hem ulag serişdeleri, awiasiýa tehnikasy we maldarçylyk önümleri bu ösüşe uly täsir etdi.
2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 81 million ABŞ dollaryndan geçdi. Şol döwürde Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 58 million ABŞ dollaryna, Gruziýadan importy bolsa 23 million ABŞ dollaryna deň boldy.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
