Halk Maslahatynyň Başlygy Awazada iş maslahatyny geçirdi
25.07.2025
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle-de myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň, hususan-da, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy.
Gahryman Arkadag jemgyýetçilik tertip-düzgüni we howpsuzlyk meseleleri barada durup geçip, çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara forumy we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, bu babatda-da degişli maslahatlaryny berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.
Aşgabat Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagy ýurduň resmi adamlary garşyladylar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
