HHSKG Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna sapar amala aşyrdy
06.08.2025
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna, Hytaý Halk Syýasy Konsultatiw Geňeşiniň (HHSKG) Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary jenap Wang Yong, wekiliýeti bilen bilelikde geldi.
Saparyň dowamynda wekiliýete zawodyň kuwwatlygy, häzirki zaman tehnologiýalary we gämi gurluşygy we gämi abatlamak ýaly esasy önümçilik prosesleri görkezildi.
Zawodyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy tarapyndan yglan edilen tender barada wekiliýete habar berdiler. Tender iki sany Ro-Ro paromynyň we bir sany gury ýük gämisiniň gurluşygyny öz içine alýar, maliýeleşdirilmegi bolsa Yslam Ösüş Banky tarapyndan amala aşyrylar.
Saparyň ahyrynda jenap Wang Yong zawodyň önümçilik potensialyna we guramaçylygyna ýokary baha berdi. Kompaniýanyň işgärlerine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we öz gezeginde Hytaýyň gämi gurluşyk kompaniýalaryna dowam edýän tender barada habar berjekdigini mälim etdi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
