Inçeburun demir ýol geçelgesiniň ýük dolanşygy iki esse artar

10.09.2025

Inçeburun demir ýol geçelgesiniň ýük dolanşygy 600 müň tonnadan 1 million tonna çenli artdyrylar. Bu barada Eýranyň Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Jabbar Ali Zakeriniň Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow bilen 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrda Inçeburun demir ýol bekedine guran saparlarynyň dowamynda mälim etdi.

Şeýle hem, geljekde infrastruktura taslamalary tamamlanandan soň, menziliň ýyllyk kuwwaty 3 million tonna hem çenli ýetip biler, diýip Jabbar Ali Zakeri belledi. Bu barada “Mehr” agentligi habar berdi.

Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi netijesinde, Inçeburunyň Eýran–Türkmenistan–Gazagystan ulag geçelgesiniň möhüm logistik nokadyna öwrülmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň çäginde üç serhet geçelgesi arkaly ýük daşamalarynyň mukdaryny ýylda 6–7 million tonna çenli artdyrmak boýunça başlangyç ylalaşyklar gazanyldy, diýip Jabbar Ali Zakeri aýtdy.

Inçeburun — Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky demirýol we deňiz portuna çykalgasy bolan möhum geçelgesi bolup, ol Eýranyň demirgazyk-gündogarynda, Hazar deňziniň ýakasyndaky Golestan welaýatynda ýerleşýär. Bu geçelge arkaly halkara demir ýol we awtoulag üstaşyr ýol geçelgeleri hereket edýär.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly