Koreýa we Merkezi Aziýa ýurtlary senagat hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryna garady

15.09.2026

Türkmenistanyň senagat pudagynyň wekiliýeti 14-nji sentýabrda Seul şäherinde Koreýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagat ministrleri derejesinde geçirilen ilkinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda senagat hyzmatdaşlygyny we möhüm mineral serişdeler boýunça üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we tebigy baýlyklar ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň,  we Özbegistanyň, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň senagat ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk “C5+1” görnüşindäki ilkinji ministrler derejesindäki çäre boldy. Ozal bu ýurtlar bilen ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan senagat hyzmatdaşlygy ilkinji gezek alty ýurduň gatnaşmagynda köptaraplaýyn görnüşde dowam etdirildi.

Duşuşygyň başynda Koreýanyň Söwda, senagat we tebigy baýlyklar ministri JK Kim Koreýanyň ösen tehnologiýalaryny we önümçilik mümkinçiliklerini Merkezi Aziýanyň ösüş kuwwaty bilen utgaşdyrmagyň sebitde we Ýewraziýada ösüşe itergi berjekdigini aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlaryny ösen senagat ekoulgamyny döretmek ugrunda bilelikde täze ýol açmaga çagyrdy.

Duşuşykda alty ýurduň ministrleri dünýäde çalt üýtgäp durýan söwda şertlerine we üpjünçilik zynjyrlaryndaky özgertmelere bilelikde uýgunlaşmak üçin esasy üç ileri tutulýan ugur boýunça amaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Olar söwdany giňeltmek we senagaty döwrebaplaşdyrmak, möhüm mineral serişdeler boýunça üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek, şeýle hem tehnologiýa hyzmatdaşlygyny we geljekki pudaklar üçin hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerine garadylar.

Taraplar Merkezi Aziýanyň litiý we seýrek duş gelýän ýer metallary ýaly mineral serişdelerini Koreýanyň ösen gaýtadan işlemek tehnologiýalary bilen utgaşdyrmak arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem duşuşykda akylly zawodlar we önümçilikde emeli aň tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň, Koreýanyň önümçilik enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sebitde ornaşdyrylmagynyň hem-de ýaş tehniki hünärmenleriň alyş-çalşynyň giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly