Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri, Kuala-Lumpurdaky sebit maksatnamasynda Türkmenistana wekilçilik edýär
28.07.2025
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň iki sany wekili, Malayziýanyň ulag Ministrliginiň goldamagy bilen Klang Porty (PKA) tarapyndan gurnalan Sebitdäki deňiz kuwwatyny ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşýarlar. Bu maksatnama 2025-nji ýylyň 21-25-nji iýulynda Kuala Lumpurda geçirilýär we Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa we ASEAN sebitiniň 15 ýurdundan 29 sany wekili birleşdirýär. Maksatnama hususanda Malayziýanyň tejribelerine esaslanyp, deňiz port hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, ylmy tejribeleri paýlaşmak maksady bilen geçirilýär.
Çäre resmi taýdan Malayziýanyň ulag ministriniň orunbasary YB Datuk Haji Hasbi bin Haji Habibollah tarapyndan açyldy. Bäş günlük maksatnamanyň dowamynda Malayziýanyň hünärmenleri port meýilnamalaşdyryş, akylly logistika, ýük operasiýalary, Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) ylalaşyklary, Ekologiki, Sosial we Dolandyryş (ESG) ýörelgeleri we sanlylaşdyrma başlangyçlary ýaly möhüm ugurlar boýunça maslahat beriş seminarlary geçirerler.
Bu başlangyç, Malayziýanyň dünýäde giňden kabul edilýän deňiz ösüşine bolan goşandyny we goldawyny şeýle-de, dünýäniň iň gowy 10 konteýner portundan biri hökmünde Klang Portunyň eýeleýän ornuny görkezýär.
Türkmen wekilleriniň bu maksatnama gatnaşmagy, deňiz tejribesini ýokarlandyrmak we deňiz ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça ygrarlylygymyzy görkezýär.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
