Türkmenistan-Pakistan: deňiz portlary arkaly üstaşyr ýük daşama mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

03.09.2025

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni Pakistanyň Deňiz işler boýunça federal ministri Muhammet Junaid Anwar bilen ýurtlar arasyndaky ulag we logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy. Duşuşykda taraplar, Türkmenbaşy, Karaçi we Gwadar portlarynyň sebit söwdasy üçin strategik ähmiýete eýe bolýan üstaşyr ýük daşama we logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda sebitiň döwletleri arasynda ygtybarly ulag geçelgelerini döretmek üçin demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň zerurlygyna aýratyn üns berildi.
Taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, Pakistanyň ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde we söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda birleşdiriji halka hökmünde strategik ähmiýetini aýratyn bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar sebitiň ykdysady ösüşine hem-de infrastruktura mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Pakistanyň iri deňiz portlary bolan Karaçi we Gwadar sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýedir. Karaçi ýurduň halkara söwda ýükleriniň köpüsini, şol sanda konteýner we nebit ýüklerini kabul edýär. Gwadar bolsa, Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň bir bölegi hökmünde ösdürilýär we geljekde möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde görülýär.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly