Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar
26.08.2025
Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar. 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Awazada geçirilen “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde raýat awiasiýasy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teswirnama Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow tarapyndan gol çekildi. Bu barada “Gazeta.uz” internet neşiri ýekşenbe güni habar berdi.
Resminama “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde gol çekildi.
Bu ylalaşyk ýakyn geljekde göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy üçin mümkinçilik döredýär, diýip Ilhom Mahkamow belledi.
Türkmenistan 2025-nji ýylyň dowamynda Aşgabat bilen Almaty şäherleriniň arasynda göni howa gatnawlary täzeden açmak mümkinçiliklerini hem öwrenýär.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
