Türkmenistanly we pakistanly gümrükçiler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tejribe alyşdylar

10.11.2026

3-4-nji noýabrda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyň bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň dowamynda pakistanly gümrük işgärlerine Hazarýaka sebitinde iri logistika toplumy bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleridir harytlar babatda gümrük gözegçiligini alyp barmak üçin döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Şeýle hem türkmen we pakistanly gümrükçiler Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (WCO) Ýolagçy we ýük daşamalaryna gözegçilik etmek boýunça maksatnamasynyň hem-de Gümrük gulluklarynyň we port gözegçilik toparlarynyň sebitara torunyň (IREN) çäklerinde alnyp barylýan işler boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.

Taraplar duşuşygyň dowamynda geljekde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny hem maslahatlaşdylar.

Çeşme: https://turkmenportal.com/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7

+99312 28 60 30

info@tulm.tm

www.tulm.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly