Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Akaba prosessiniň sammitine gatnaşýar
09.11.2026
Şu gün Astanada «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» temasy boýunça Akaba prosesiniň sammiti geçirilýär. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar diýip, akorda.kz habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanyndan başga-da, çärä Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýn, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar. Azerbaýjana Milli Mejlisiň Başlygy Sahiba Gafarowa, Gyrgyzystana daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew wekilçilik edýärler. Şeýle hem sammite beýleki resmi adamlar gatnaşýarlar.
Akaba prosesi — terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek ulgamyndaky halkara başlangyçdyr. Ol 2015-nji ýylda Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýn tarapyndan öňe sürlüpdi.
Meýdançanyň formaty döwlet Baştutanlaryny, ýörite gulluklaryň, harby edaralaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny özünde birleşdirýär. Duşuşyklaryň maksady dürli wehimlere garşy umumy düşünjäni işläp düzmekden we olara garşy amaly çäreleri ylalaşmakdan ybaratdyr.
Çeşme: https://turkmenportal.com/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7
+99312 28 60 30
info@tulm.tm
www.tulm.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
