Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

31.07.2025

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany iş saparynyň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen baglylykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.

Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçarynyň Arkadag şäheriniň ýokarsyndan geçip barýan pursatlary şol wagt bu şäherde açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralan toý-dabaralara gabat geldi.

Biraz wagtdan Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary garşyladylar. Olar bu ýerde döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanynyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow has-da döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerleri, şol sanda forumyň geçýän günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeni çäreleriň guraljak ýeri, şeýle-de syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen tanyşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli halkara forum bilen bagly öňde durýan wezipelere hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary biraz wagtdan ýurduň paýtagty Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly