Türkmenistanyň Prezidenti CICA Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy
15.10.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VII Sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen Azerbaýjana bardy. Bu barada Azerbaýjanyň “AZERTAC” habarlar agentligi habar berýär.
Baku şäherindäki Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Sammitiň gün tertibine Aziýada ynamy berkitmek, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem Geňeşiň işini kämilleşdirmek we agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler girýär. Bu ýylky geňeş Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär.
Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeş Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara forumdyr. Guramanyň resmi saýtynyň maglumatyna görä, oňa 28 döwlet agza bolup, olaryň paýyna Aziýa yklymynyň çäginiň we ilatynyň takmynan 90 göterimi düşýär.
Çeşme: https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7
+99312 28 60 30
info@tulm.tm
www.tulm.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
