Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

03.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabatdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem bilim ulgamyna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutany binagärlik we seýsmika durnukly gurluşyk-barlag tejribehanasyndaky döwrebap enjamlar bilen tanyşdy. Tejribehanada Italiýanyň “Moho” we “Sara Electronic Instruments”, Şweýsariýanyň “Leica”, Türkiýäniň “UTEST” kompaniýalarynyň ýertitremeleri we seýsmiki gözlegleri geçirmek, geodezik ölçegleri amala aşyrmak, gurluşyk serişdeleriniň we betonyň galyňlygyny ölçemek üçin niýetlenen enjamlary ýerleşdirildi. Mundan başga-da täze okuw toplumynda ylmy-barlag işlerini alyp barmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak üçin hem degişli şertler döredildi. Bu mümkinçilikler binagärlik-gurluşyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Habarda bellenilişi ýaly, täze 5 müň orunlyk desga häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Ol 13 gatly baş binany, 8 fakulteti, 28 kafedrany, kitaphanany we mejlisler zalyny öz içine alýar. Şeýle hem okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň işlemegi we talyplaryň bilim almagy üçin zerur şertler döredildi. Mundan başga-da bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin bolsa hersi 40 öýden ybarat iki ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumyna ISO-nyň bäş halkara standartyna laýyklyk güwänamalary hem gowşuryldy. Institut Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda bir wagtda şu bäş halkara standart boýunça sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw mekdebi hökmünde görkezildi. Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutany Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Çeşme: https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly