Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagynda täze ministrlikler we gulluklar döredildi

14.07.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini döredildi. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri degişlilikde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy täzeden düzülip, täze hukuk ýagdaýy berildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany täze döredilen ministrlikleriň ýolbaşçylaryny hem belledi. Demir ýol ulaglary ministriniň wezipesine Mämmet Akmämmedow, awtomobil ulaglary ministri wezipesine Begenç Annadurdyýew, aragatnaşyk ministri wezipesine bolsa Hajymyrat Hudaýgulyýew bellenildi.

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy wezipesine Döwran Saburow, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bolsa Azat Şanazarow bellenildi.

Ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa alty aýlyk synag möhleti bilen Mämmethan Çakyýew bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly