Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary daşary söwda statistikasy boýunça maglumatlary deňeşdirdiler
01.10.2025
Ürgençde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň hünärmenleriniň iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň gümrük statistikasy bölüminiň müdiriniň ýolbaşçylyk eden saparynyň maksady iki ýurduň arasyndaky daşary söwda maglumatlaryny deňeşdirme derňewini geçirmekden ybarat boldy.
Çäre, iki döwletiň gümrük gulluklary tarapyndan 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda Daşkentde gol çekilen, özara söwdada harytlaryň hereketi barada maglumat alyşmak hakyndaky Teswirnama esasynda gurnaldy. Import we eksport boýunça dürli haryt toparlarynyň maglumatlaryny deňeşdirmek hasap ýazgylarynda ýüze çykyp biljek tapawutlary anyklamaga we bahalandyrmaga mümkinçilik berdi.
Işiň netijesinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda boýunça özara ylalaşylan we ygtybarly statistiki maglumatlar toplumy düzülip taýýarlanyldy. Maglumat alyşmak we deňeşdirmek guraly daşary söwda amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrýar, harytlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni alýar we makroykdysady görkezijileriň takyklygyny üpjün edýär, şeýle-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär.
Gümrük edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny gönüden-göni pugtalandyrýar we sebitdäki söwda akymlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
