Türkmenistanyň we Pakistanyň portlarynyň arasynda Ähtnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär

07.07.2025

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleriniň arasynda 2025-nji ýylyň 17-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gwadar portunyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Türkmenbaşy halkara deňiz porty penşenbe güni habar berdi.

Gepleşigiň barşynda Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleri özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, mundan beýläk hem dostlukly-doganlykly gatnaşyklary dowam etmek bilen bir hatarda porty dolandyrmak we işletmek babatda tejribelerini paýlaşdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri hem öz gezeginde alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, ýükleme-düşürme işleriniň alnyp barylyşy, dürli ýükleriň import, eksport we üstaşyr ugurlary, müşderiler üçin döredilýän oňaýly şertler we portyň halkara ülňülerine laýyk gelýän mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar paýlaşan ikitaraplaýyn bähbitli tejribeleri üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle duşuşyklaryň ýene-de gurnalyp durmaklygyna isleg bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly