Türkmenistan bilen ÝHHG 2025-nji ýylda bilelikde 40 taslamany durmuşa geçirerler

Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi hem-de ugurdaş döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýyldaky taslamalaryň meýilnamasyny işläp düzdi. Oňa laýyklykda, şu ýyl 40 sany taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümetiň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa netijeliligini we ekologiýa durnuklylygyny ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolar.

Ynsanperwer ulgamda ylym-bilim ulgamyna, adam hukuklarynyň goralyşyna, demokratik institutlaryň işiniň kämilleşdirilmegine, gender deňliginiň üpjün edilmegine we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşine ýardam edýän çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň iş meýilnamasyny makullap, onuň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere, daşary işler ministrine tabşyryklary berdi.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

04 Fewral, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly