Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşdy

Samarkant şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Gepleşikler “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitiň çäklerinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Taraplar oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz pudagy we himiýa senagaty ýaly ulgamlarda işjeň ösdürilýän ikitarplaýyn gatnaşyklarda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesini bellediler.

Ulag we energetika geçelgelerini döretmek, sebitara hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmek boýunça bilelikde tagalla etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary şu gezekki sammitiň Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.

04.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly