Türkmenistan bilen Italiýa işewürlik forumynyň geçirilmegini we ykdysady gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşdylar

08.10.2025

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň “Italiýada öndürilen” önümler we kärhanalar boýunça ministri Urso Adolfonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň iri hususy işewür toparlarynyň, döwlet edaralarynyň, maliýe we ykdysady toparlarynyň wekilleriniň, şeýle hem iri italýan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek işewürlik forumyny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň şu ýylyň oktýabr aýynda Italiýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, duşuşykda halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem iki ýurduň degişli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk dileglerini beýan etdiler hem-de iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly