Awazada CIET 2025 halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady
04.11.2025
“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek” (CIET 2025) atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. 3–4-nji noýabr aralygynda geçirilýän forum ýylyň möhüm işewür çäreleriniň biridir. Foruma Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň degişli döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
CIET 2025 halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, gurluşyk, senagat we energetika ugurlaryna innowasiýalary hem-de maýa goýumlary çekmäge, şeýle hem döwlet düzümleri, maliýe institutlary we hususy kompaniýalaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Energetika ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, paýtagtyň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
Forum sebitde we dünýä derejesinde gurluşyk hem-de energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, senagat mümkinçiliklerini artdyrmaga, ykdysady-senagat zolaklaryny döretmek hem-de täze tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir.
Maslahatyň çäklerinde gurluşyk, senagat, energetika hem-de jemagat hojalyk pudaklarynyň ösüşine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de, Arkadag şäheriniň “akylly şäher” konsepsiýasynyň ikinji tapgyry çäklerinde durmuşa geçiriljek täze infrastruktura we maýa goýum taslamalary, şol sanda saglyk we önümçilik klasterleriniň döredilmegi aýratyn üns merkezinde bolar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
