Türkmenistanda «Serhetabat» gümrük nokadynyň durky täzeleniş işleri başlandy
06.11.2025
Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet serhedinde ýerleşýän «Serhetabat» gümrük nokadynda durky täzeleniş işleri başlandy.
Gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýolbaşçylyk edýär.
Durky täzeleniş işleriniň çäklerinde bar bolan binanyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem birnäçe täze binalaryň we desgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär — diýip, Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Durky täzeleniş işleriniň geçirilýän döwründe ulag serişdelerini barlamak üçin täze rentgen-barlag enjamy hem gurnalar.
Netijede, gümrük nokadynyň geçirijilik ukybynyň bir günde 500 awtoulag serişdesine çenli ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu görkeziji häzirki taslama kuwwatyndan 2,5 esse ýokarydyr.
Gurluşyk işleri «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2025–2027-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylar.
Çeşmede bellenilişi ýaly, «Serhetabat» gümrük nokady Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda we «Lazurit» hem-de beýleki halkara ulag geçelgeleri boýunça üstaşyr ýükleriň daşalmagynda iň möhüm gümrük nokatlarynyň biridir.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
