Ilkinji Hytaý–Tähran synag konteýner otlysy Türkmenistandan üstaşyr geçer
10.11.2025
Hytaý – Oş – Sawaý – Sarahs – Tähran halkara multimodal ulag geçelgesi boýunça ilkinji synag konteýner otlysy ugradyldy. Bu barada TULM habar berýär.
Häzirki wagta çenli dokuz sany konteýner Hytaýdan Kaşgar serhet geçelgesiniň üsti bilen Gyrgyzystanyň Oş bekedine gelip ýetdi. Häzirki wagtda konteýnerler awtoulag serişdelerinden demirýol fiting platformalaryna geçirilýär.
Bu taslama “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “CNTRAN INT’L LOGISTICS” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýar. Taslamanyň maksady — multimodal daşamalary ösdürmek, Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Eýrana hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlaryna konteýner ýüklerini ibermek üçin durnukly ygtybarly ugury döretmekden ybaratdyr.
Konteýnerler mundan beýläk Hytaý – Oş – Sawaý – Sarahs – Tähran ugry boýunça, Türkmenistanyň çäginden geçip, hereket eder. Bu synag taslamasy sebitde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we Türkmenistanyň Demirgazyk–Günorta hem-de Gündogar–Günbatar ugurlary boýunça möhüm üstaşyr merkezi hökmünde ornuny berkitmekde ähmiýetli ädim hökmünde garalýar.
Gyrgyzstan, Özbegistan, Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikde Hytaý – Gyrgyzstan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan (Baku) ugry boýunça synag demirýol otlusyny işe girizdiler. Bu taslama ulag-logistika hyzmatdaşlygyny berkitmek we halkara logistika baglanyşyklaryny giňeltmek maksady bilen amala aşyrylýar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
