Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy
18.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragy – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Daražali Dustlik”) ordeni bilen sylaglanyldy. Sylag dabarasy duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren hyzmatlaryna özbek halkynyň ýürekden bildiren hormatynyň we ykrar etmesiniň beýanydygyny belledi.
— Siz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýoluny mynasyp dowam edýärsiňiz, diýip Mirziýoýew aýtdy.
Özbegistanyň Prezidentiniň aýratyn nygtamagyna görä, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen-özbek gatnaşyklary, hususan-da söwda-ykdysady ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şu ugurda gazanylan üstünlikleriň hatarynda “Şawat–Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň işe girizilmegi hem-de energetika, ulag we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi görkezmek bolar.
Türkmenasynyň Prezidenti sylag üçin Özbegistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurtlaryň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň aprel aýynda degişli ýokary derejeli döwlet sylagy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem sylaglananlygy bellenildi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
