Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa täze transport ugruny dörederler

01.12.2025

Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa 2025-nji ýylyň dekabrynda halkara transport ugry (HTU) “Hazar deňzi – Gara deňzi” ugruny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler.

Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň habar bermegine görä, bu barada ýurduň ministri Mariam Kwriwişwili Transhazar ulag geçelgesi we ulag baglanyşygyny ösdürmek boýunça penşenbe güni Daşkentde geçirilen maýadarlar forumynda aýtdy.

Ministriň aýtmagyna görä, täze başlangyç Hazar sebitini we Ýewropa Bileleşigini birikdirýän multimodal transport köprüsini döredip, ugruň dürli görnüşlerini diwersifikasiýa etmäge giň mümkinçilik berer we logistika zynjyrlarynyň durnuklylygyny güýçlendirer.

Transhazar ulag geçelgesini we ulag baglanyşygyny ösdürmek boýunça ikinji maýa goýum forumy Ýewropa Bileleşigi, Gara deňiz sebitleri we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini birleşdirip, transport ulgamyndaky esasy ugurlar boýunça dialoglary geçirmäge giň mümkinçilikleri berdi.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly