Brýusselde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiligi tanyşdyryldy

21.04.2026

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly we netijeli ulag arabaglanyşygyny ösdürmekde ýurduň ornuny ara alyp maslahatlaşmak boýunça “Kontinentleri birleşdirmek: Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini ösdürmek” atly mowzuklaýyn çäre geçirildi.

Çärä Brýusselde akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçileri, Ýewropa institutlarynyň, seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň, kompaniýalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çykyş etdiler we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünliklerni ýagny, serhet amallaryny kämilleşdirmek, sanlylaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak hem-de gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň geçirijilik ukybyny giňeltmek barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow hem öz çykyşynda ulag we logistika pudagyny halkara ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň esasy görkezijileri hökmünde belläp, ýurduň Ýewraziýa üstaşyr merkezleriniň biri hökmünde ornuny berkitmek ugrunda alnyp barylýan infrastruktura işlerine ünsi çekdi.

Çärä şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk boýunça baş müdirliginiň (DG INTPA) wekili Şarlotta Adrian we Daşary işler boýunça komitetiň (AFET) agzasy bolan Ýewropa parlamentiniň deputaty Kristian Terheş gatnaşdy. Ýewropa tarapy Merkezi Aziýa bilen ulag arabaglanyşygyna, Transhazar geçelgesiniň ösüşine, logistika we gümrük dolandyryşy ulgamyndaky hyzmatdaşlyga gyzyklanmanyň artýandygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre diplomatik wekilhanalaryň, Ýewropa gurluşlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň, işewürligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda anyk we netijeli gepleşikler üçin peýdaly meýdança öwrüldi.

Çeşme:

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly