Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
28.04.2026
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady hem-de bu giň gerimli çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigine pugta ynanýandygyny aýtdy.
“Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup, ylmy-tehniki, ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, häzirki zaman innowasiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni alyşmakda netijeli boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen bu çäräniň dowamynda iki ýurduň öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri we önümçilik ugurlary, gazanylan üstünlikleri görkezilýär.
Bu ýerde mowzuklaýyn mejlisler bilen birlikde B2B we B2G görnüşindäki işewürlik duşuşyklary guralýar. Bu duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge hem-de özara bähbitli şertnamalaryň baglaşylmagyna giň ýol açar.
Türkmen – hytaý işewürler forumy we sergisi iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny giňeltmekde, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi 30-njy aprele çenli dowam edýär.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
