Türkmenistanyň Prezidenti «Petronas» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
12.05.2026
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiniň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «Petronas» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we Baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, şeýle hem «Petronas» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris Abdul Wahaby kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda «Petronas» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolýandygyny belläp, şu döwürde kompaniýanyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňzini türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, şeýle hem ýurduň nebit-gaz senagaty üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy.
Malaýziýanyň ýurduň şu gezekki saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Petronas» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Çeşme : https://www.turkmenportal.com/tm
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
