Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alyşdylar

03.06.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 1 — 3-nji iýun aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu çäre däp bolan nebitgaz pudagy bilen bir hatarda, ýaşyl energiýa we energiýa howpsuzlygy meselelerini öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň çäklerinde «Türkmengaz» DK-niň başlygynyň orunbasary K.Durdyýew bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidenti Elşad Nasyrowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlary babatynda käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda taraplaryň bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriniň dowam etdirilmegine taýýarlygy barada hem aýdylyp geçildi.

 

Çeşme : https://www.turkmenportal.com/tm

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly