Türkmenistana üç bölekli täze ýük teplowozlary gelip gowuşdy
12.06.2026
Türkmenistana Hytaýyň “CRRC Ziyang Co., Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilen üç bölekli ýük teplowozlary gelip gowuşdy. Bu barada çarşenbe güni “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Aşgabadyň demir ýol menzilinde hünärmenler we ýaşulylar täze demir ýol tehnikasyny milli däp-dessurlara laýyklykda garşyladylar. Hytaýyň bu kysymly demir ýol tehnikasy Türkmenistana ilkinji gezek getirildi.
“Demirýollary” AGPJ bilen “CRRC Ziyang Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda Türkmenistana degişli iki bölekli ýük teplowozlarynyň hem düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.
Täze üç bölekli teplowozlaryň ýük çekijilik kuwwaty 6300 tonna, abatlaýyş işleri geçirilen iki bölekli teplowozlaryň görkezijisi bolsa 4200 tonna deňdir. Teplowozlaryň her bölegi alty tigir jübütinden ybarat bolup, sagatda 100 kilometre çenli tizlige eýedir we ýörite dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Çeşme : https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
